Türkmenistanda 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda 2027–2028-nji okuw ýyly üçin FLEX Global mekdep maksatnamasynyň gatnaşyjylaryny saýlap almak boýunça synaglar geçiriler. Bäsleşigiň ýeňijileri bir okuw ýylyny ABŞ-da geçirip, kabul ediji maşgalalarda ýaşar we amerikan mekdeplerinde okap biler. Saýlama tapgyrynyň tertibini Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşleri (American Councils for International Education) neşir etdi. Bäsleşige 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwary bilen 2012-nji ýylyň 15-nji iýuly aralygynda doglan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilýär. Dalaşgärlerden gowy ýetişik we iňlis dilini ýeterlik derejede bilmek talap edilýär. Maksatnama ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýär. Synaglar sagat 09:00-da başlar we ýurduň alty şäherinde geçiriler: Mary — 3-nji ýanwar, 19-njy orta mekdep; Türkmenabat — 5-nji ýanwar, 2-nji orta mekdep; Daşoguz — 7-nji ýanwar, 4-nji orta mekdep; Balkanabat — 9-njy ýanwar, 3-nji orta mekdep; Türkmenbaşy — 10-njy ýanwar, 10-njy orta mekdep; Aşgabat — 11-nji ýanwar, 20-nji orta mekdep. Gatnaşyjylar ýany bilen dogluş hakynda şahadatnamanyň ýa-da pasportyň asyl nusgasyny, 3×4 sm ölçegdäki fotosuraty we gara syýaly ruçka getirmelidirler. Synaga mekdep lybasynda gelmeli. Goşmaça maglumat almak üçin şu aşakdakylar boýunça habarlaşyp bilersiňiz: E-poçta: flexglobal.tm@americancouncils.org Tel.: +(993 63) 50-20-36

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→