Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Ýewropa Bileleşiginiň häzirki liderleri bilen gürrüňdeş bolmagyň içini gysdyrýandygyny, häzirki zaman syýasy arenasynda bolsa, Germaniýanyň öňki Kansleri Angela Merkel we Italiýanyň öňki Premýer-ministri Mario Dragi ýaly täsirli syýasatçylaryň ýetmeýändigini açyk boýun aldy. «Le Figaro» gazetiniň habar bermegine görä, fransuz lideri bu pikirini žurnalist zenan Fransuaza Degoa bilen şahsy hatlarynda beýan edipdir, žurnalist olary özüniň täze kitabyna girizipdir diýip, «MIR 24» ýazýar. 2024-nji ýylyň güýzünde Brýusselde ÝB-niň nobatdaky sammitindekä Makron öz söhbetdeşine: «Meniň içim gysýar. Ähli zat manysyz hem-de döredijilik güýjünden mahrum. Mario Draginiň we Angela Markeliň ýokdugy üçin örän içim gysýar» diýip ýazypdyr. Emma Makron muňa garamazdan, ruhdan düşmeýändigini we gündelik syýasy meseleleriň öňünde aljyramaýandygyny nygtapdyr.