Türkmen türgeni Şahzadbek Matýakubow Hytaýyň Ninbo şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 110 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 417 kilogram (silterläp götermekde — 187 kg, itekläp götermekde — 230 kg) netije görkezdi. Ýaryşyň ýeňijisi 432 kilogram (198 kg + 234 kg) netije bilen Özbegistanyň türgeni Akbar Joraýew boldy. Ol silterläp götermekde we iki görnüşiň jemi boýunça dünýä rekordlaryny täzeledi. Kümüş medala bolsa 418 kilogram (185 kg + 233 kg) netije görkezen eýranly Alireza Nasiri mynasyp boldy. Mundan ozal ýaryşda 16 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Şabnam Kerimbaýewa ýetginjekleriň arasynda iki sany dünýä rekordyny goýdy. Ol 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 13–17 ýaş aralygyndaky gyzlaryň arasynda silterläp götermekde 89 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça bolsa 201 kilogram netije bilen rekord goýdy. Itekläp götermekde türgen 112 kilogram agramy galdyryp, ýetginjekleriň dünýä rekordyny gaýtalady. Ýaryşyň netijeleri boýunça ol bäşinji orny eýeledi. Şeýle-de, ýaryşda 18 ýaşly türkmen türgeni Didarbek Jumabaýew 75 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda täze dünýä rekordlaryny goýdy. Ol silterläp götermekde 152 kilogram, itekläp götermekde 188 kilogram agramy galdyrdy. Iki görnüşiň jemi boýunça bolsa 340 kilogram netije görkezdi. Ýaryşyň jemleri boýunça Jumabaýew ýedinji orny eýeledi. Ninbo şäherinde geçirilýän dünýä çempionaty 8-nji noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan bu ýaryşa on türgen bilen gatnaşýar.