Moskwada geçirilen Türkmen medeniýetiniň günleri medeniýetleriň bitewüliginiň aýdyň nusgasyna öwrüldi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşew Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň 41-nji mejlisinde çykyş edip belledi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde halk senetçiligi, saz sungaty, ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlary we hünärmenleriň duşuşyklary bitewi bir taslamanyň çäklerinde sazlaşykly utgaşdy. Ministriň orunbasary: «Şeýle agşamda bitewülik sözüniň manysyny düşündirmegiň zerurlygy ýok. Ol sazyň owazynda ýaňlanýar, tansda bolsa öz beýanyny tapýar» — diýip, ol belledi. Malyşew Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigini hem nygtady. «Bu örän jaýdar şygar. Medeniýet hem öňe tarap ymtylmaly, şol bir wagtyň özünde-de öz kökleri bilen arabaglanyşygyny ýitirmeli däldir» diýip, ol aýtdy. Malyşewiň bellemegine görä, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde GDA ýurtlarynda yglan edilýän tematiki ýyllar möhüm ugur görkeziji bolup hyzmat edýär. Olaryň mazmuny milli ileri tutulýan ugurlar bilen köptaraplaýyn taslamalaryň arasynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini tapmaga ýardam berýär. GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Russiýanyň Medeniýet ministrligi Arkalaşyga agza ýurtlaryň garaşsyzlyk ýyllaryndaky milli kinematografiýasynyň ösüşine bagyşlanan ýörite sergi taslamasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Taslamanyň taýýarlyk işleri GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde alnyp barylýar. Taslamanyň utgaşdyryjysy hökmünde Moskwadaky Döwlet merkezi kino muzeýi çykyş eder. Malyşewiň sözlerine görä, bu taslama diňe bir iň gowy filmleriň ýygyndysy bolman, eýsem «bilelikdäki durmuşymyzyň täze sahypasyny» şöhlelendirýän umumy ýygyndy bolmalydyr. Russiýa Arkalaşyga agza ýurtlaryň esasy kino eserleri we olaryň dörediliş taryhy baradaky maglumatlary hem-de materiallary hödürlemekde ýardam bermegine bil baglaýar. Ministriň orunbasary daşary ýurtlarda hereket edýän rus teatrlaryna berilýän goldaw barada hem gürrüň berdi. 2023-nji ýyldan bäri ýörite maksatnamanyň çäklerinde 11 ýurtdaky 28 teatra kömek berildi. Bölünip berilýän serişdeler teatrlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga we täze sahna oýunlaryny döretmäge gönükdirilýär. Ol Russiýanyň teatr toparlarynyň döredijilik taýdan ösmegine ýardam bermegi, olaryň gastrol saparlaryny we hünär kämilleşdiriş okuwlaryny guramagy dowam etdirjekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→