6-njy noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Hasyl toýy mynasybetli «Türkmeniň milli saçagy — sagdynlygyň açary» atly professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler ene-mamalaryň miras goýup giden tagam taýýarlamak medeniýeti, aşpezlik sungaty, milli tagamlaryň saglyga ýetirýän peýdaly täsirleri hakynda giňişleýin durup geçdiler. Maslahatyň çäklerinde Gahryman Arkadagyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabynda beýan edilen dürli tagamlaryň we ilatyň sagdyn iýmitlenmegi üçin zerur, dürli iýmit maddalaryna baý bolan iýmit önümleriniň aýratynlygyny hem-de ähmiýetini ýaýbaňlandyrýan azyk önümleriniň sergisi hem guraldy. Sergide Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň her bir adamyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça teklip edýän «Iýmitlenme piramidasy» guralyp, onda ýurtda öndürilýän iýmit önümleri goýulypdyr. Şeýle-de, türkmeniň milli saçagy bezelipdir.