Şanhaý şäherinde noýabr aýynyň 6–7-si aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýyň dokuzynjy «China International Import Expo – 2026» halkara import harytlary sergisine gatnaşmagy mynasybetli türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Foruma iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň 500-den gowrak wekili gatnaşýar — diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilýär. Forumyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi, senagat pudagyndaky gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň we Hytaýyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Şanhaýda «China International Import Expo» sergisiniň çäklerinde türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär Şeýle-de energetika, dokma, gurluşyk we elektroenergetika pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de özara söwdany diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Hytaýly hyzmatdaşlara Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem ýurtda daşary ýurt maýadarlary üçin döredilen amatly şertler barada giňişleýin maglumat berilýär. Çäräniň jemleri boýunça iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekilmegi meýilleşdirilýär.