Doglan gün ýa-da maşgala baýramçylygy üçin tort saýlamak myhmanlaryň sanyna, doglan gününi belleýäniň isleglerine, şeýle hem süýjüligi saklamagyň we saçaga goýmagyň şertlerine baglydyr. Konditerler tortuň baýramçylyga laýyk gelmegi üçin bu aýratynlyklary öňünden göz öňünde tutmagy maslahat berýärler. Tortuň möçberini myhmanlaryň sanyna görä kesgitlemek has amatlydyr. Adatça, bir adama 100–150 gram tort göz öňünde tutulýar. Saçakda başga süýjülikler hem hödürlenjek bolsa, bu mukdary azaldyp bolýar. Köp sanly myhman üçin bir uly tort ýa-da dürli tagamly iki sany kiçiräk tort saýlanylsa amatly bolar. Baýramçylyk üçin torty nädip saýlamaly we nämä üns bermeli? Tortuň tagamyny we onuň görnüşini myhmanlaryň isleglerine görä saýlamak ýerliklidir. Şokoladly, hozly ýa-da gaýmakly tortlar ýaly nusgawy görnüşler köpleriň göwnünden turýar. Miweli we pisse goşulan tortlar bolsa aşa süýji bolmadyk desertleri halaýanlar üçin has amatlydyr. Şeýle hem myhmanlaryň arasynda hoza, süýt önümlerine ýa-da beýleki goşundylara allergiýasy bolanlaryň ýokdugyny öňünden anyklamak zerurdyr. Tortuň düzümi gaplamasynda görkezilýär, bu barada satyjydan hem goşmaça maglumat alyp bolýar. Kremli, şokolad bezegli we iýmäge ýaramly bezegler bilen taýýarlanan tortlar salkyn ýerde görnüşini has gowy saklaýar. Sebäbi ýokary temperaturada şokolad we krem çalt ýumşap, öz görnüşini ýitirýär. Tortuň üstünde ýazgy ýa-da belli bir mowzuga laýyk bezeg bolmagy islenýän bolsa, ony iki-üç gün öňünden sargyt etmek maslahat berilýär. Kremli tortlaryň köpüsini sowadyjyda saklamaly. Tagamy doly açylmagy üçin bolsa, saçaga äberilmezinden 20–30 minut öň sowadyjydan çykarmak maslahat berilýär. Tort daşalanda ony tekiz ýagdaýda saklamaly, üstüne başga zat goýmaly däl we ýyly awtoulagda uzak wagtlap galdyrmaly däl. Tort satyn alnanda hünärmenler onuň öndürilen senesini, ýaramlylyk möhletini, gaplamasynyň bitewüligini we söwda tekjesindäki saklanyş şertlerini barlamagy maslahat berýärler. Baýramçylyk üçin torty nädip saýlamaly we nämä üns bermeli? Baýramçylyk üçin torty, hususan-da, «Zyyat Hil» dükanlaryndan saýlap alyp bilersiňiz. Kompaniýanyň hödürleýän dürli görnüşli önümleri uly dabaralar üçin hem, kiçi maşgala baýramçylyklary üçin hem datly tagamly göwnejaý süýjüligi saýlamaga mümkinçilik berýär. Habarlaşmak üçin salgylary we telefon belgileri: Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, jaý 254. Telefonlar: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61. Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi. Telefonlar: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62. Gurtly ýaşaýyş toplumy, jaý 3, 1-nji gat. Telefonlar: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63. Kompaniýanyň sosial ulgamdaky sahypasy.