Türkiýäniň Kutahýa ülkesindäki Seýitömer gorganynda gazuw-agtaryş işleri wagty mundan 5 müň ýyl töweregi öň ýangynda gara köýük bolan sekiz sany çörek bölegi tapyldy. Bu barada «Anadolu» agentligine salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Arheolog zenan Sewgi Gurdalyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işler wagty peç hem-de diwarlaryň birinde tekjeleriň galyndylary tapyldy. Gurdal çörek bölekleri bilen birlikde bugdaýyň we merjimegiň galyndylarynyň tapylandygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, taryhy tapyndylar irki bürünç asyrynyň birinji çärýegine degişlidir. Tapyndylar Kutahýanyň muzeýine gowşuryldy, olary synlamaga barýan köp diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→