Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Petra Dahtler Türkmenistanyň oba hojalygy üçin Germaniýada öndürilen döwrebap tehnikalary ibermek we olara tehniki taýdan hyzmat etmek bilen meşgullanýan «ERDEM» kompaniýasyna baryp gördi. Bu barada Germaniýanyň diplomatik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Saparyň dowamynda diplomat kärhananyň işi bilen tanyşdy we nemes tehnologiýalarynyň ýurduň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine goşýan goşandyny belledi. Onuň sözlerine görä, kompaniýanyň hünärmenleriniň kombaýnlary we traktorlary ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrmakda, şeýle hem daýhanlaryň anyk isleglerini göz öňünde tutup, olara amatly çözgütleri hödürlemekde ulanýan çemeleşmeleri aýratyn täsir galdyrdy. Petra Dahtler: «CLAAS» kysymly traktory sürmek aýratyn täsir galdyrdy» «Germaniýanyň nou-haularynyň Türkmenistanyň oba hojalygyny ösdürmäge möhüm goşant goşýandygyna örän şat. Kompaniýanyň hünärmenleriniň täzeçil pikirleriň kömegi bilen kombaýnlary we traktorlary ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrmagyň ýollaryny tapmagy, daýhanlaryň anyk isleglerini nazara alyp, olara amatly çözgütleri hödürlemegi mende aýratyn täsir galdyrdy» — diýip, Petra Dahtler belledi. Ilçi kompaniýanyň ýolbaşçysy Sary Ataýew bilen duşuşyp, Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň häzirki meselelerini we ösüş mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň dowamynda adamlara maýa goýmagyň, hususan-da, daýhanlary oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak boýunça öwretmegiň, şeýle hem talyplary taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi. Saparyň dowamynda Petra Dahtler «CLAAS» kysymly traktory sürüp gördi we şeýle mümkinçilik döredendigi üçin kompaniýanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.