Şu gün Astanada «Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk» temasy boýunça Akaba prosesiniň sammiti geçirilýär. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar diýip, akorda.kz habar berýär. Türkmenistanyň döwlet Baştutanyndan başga-da, çärä Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýn, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýarlar. Azerbaýjana Milli Mejlisiň Başlygy Sahiba Gafarowa, Gyrgyzystana daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew wekilçilik edýärler. Şeýle hem sammite beýleki resmi adamlar gatnaşýarlar. Akaba prosesi — terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy göreşmek ulgamyndaky halkara başlangyçdyr. Ol 2015-nji ýylda Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýn tarapyndan öňe sürlüpdi. Meýdançanyň formaty döwlet Baştutanlaryny, ýörite gulluklaryň, harby edaralaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny özünde birleşdirýär. Duşuşyklaryň maksady dürli wehimlere garşy umumy düşünjäni işläp düzmekden we olara garşy amaly çäreleri ylalaşmakdan ybaratdyr.