Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri 4-5-nji noýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA) çäklerine Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýada resminamalaryň galplaşdyrylmagyna garşy göreşmek, sebitara hyzmatdaşlygyny we maglumat alşygyny güýçlendirmek» boýunça geçirilen duşuşyga gatnaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň we halkara guramalaryň hünärmenleri gatnaşdylar. Resminamalaryň gorag elementlerini we olaryň hakykylygyny kesgitlemegiň döwrebap usullaryny öwrenmek meseleleri geçirilen duşuşygyň gün tertibiniň esasyny düzdi. Söhbetdeşligiň dowamynda migrasiýa ulgamynda innowasion we ýokary tehnologiýaly usullary giňden ornaşdyrmak, şahsyýeti tassyklaýan hem-de ýol resminamalarynyň goraglylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly tejribe alyşyldy.