Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Myrat Aşyrow Gazagystanyň Atyrau şäherinde 29–30-njy oktýabrda geçirilen «Altyn dombyra» atly VII halkara bäsleşiginde üçünji orna mynasyp boldy. Ol daşary ýurtly gatnaşyjylaryň arasynda baýrakly orna eýe bolan ýeke-täk sazanda boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Halkara bäsleşigine Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusyň we Özbegistanyň zehinli sazandalary gatnaşdylar. Bäsleşigiň iki tapgyrynyň dowamynda gatnaşyjylar gazak nusgawy saz eserlerini, Gazagystanyň halk artisti Azidolla Ýeskaliýewiň döreden eserlerini, şeýle-de öz ýurtlarynyň milli sazlaryny ýerine ýetirdiler. Bäsleşikde türkmen konserwatoriýasynyň bäşinji ýyl talyby Kerim Nyýazow hem üstünlikli çykyş edip, bäsleşigiň diplomyna mynasyp boldy.