3–6-njy noýabr aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ýolbaşçylary Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň «Emeli aň eýýamynda uniwersitetleriň ähmiýeti» atly şygar astynda geçirilen XVII umumy maslahatyna gatnaşdylar. Maslahat Awstraliýanyň Pert şäherindäki Merdok uniwersitetinde geçirildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, maslahatyň dowamynda ýokary bilimi ösdürmek, emeli aňy we innowasion tehnologiýalary bilim ulgamyna ornaşdyrmak, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uniwersitetleriň orny, şeýle hem halkara akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň baş sekretary Iligýe wan't Land guramanyň 2023–2026-njy ýyllar aralygynda alyp baran işleri barada giňişleýin hasabat bilen çykyş etdi. Saparyň çäklerinde türkmen wekilleri akademiki ulgamda hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdebi Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň agzalary bolup durýar.