Türkmenistanda 2–20-nji noýabr aralygynda sanjymlary dolandyrmagyň netijeliligine baha bermek boýunça işler geçirilýär. Bu baha beriş işi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. BSGG-niň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu işiň esasy maksady sanjymlary ibermegiň milli üpjünçilik zynjyrynyň netijeliligini seljermek, şeýle hem bu ugurda bar bolan dolandyryşy, gözegçiligi we monitoringi kämilleşdirmek boýunça anyk maglumatlara esaslanýan çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu başlangyjyň çäklerinde BSGG-niň we ÝUNISEF-iň bilermenleri 3–6-njy noýabr aralygynda Aşgabatda okuw maslahatyny geçirýärler. Onuň esasy maksady milli hünärmenleriň sanjymlary dolandyrmagyň netijeliligine baha bermegiň usulyýetini we gurallaryny ulanmak boýunça tehniki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. BSGG-niň we ÝUNISEF-iň bilermenleri Türkmenistanda sanjym işini dolandyrmagyň netijeliligine baha berýärler 9–13-nji noýabr aralygynda bilermenleriň bilelikdäki topary ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen utgaşyklylykda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we Türkmenistanyň welaýatlarynda ýerleşýän birnäçe saglygy goraýyş edaralaryna baryp görer. Saparlaryň dowamynda sanjymlar bilen üpjün ediş zynjyrynyň ähli derejeleri öwreniler we olary dolandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumatlar yzygiderli ýygnalar. Munuň üçin döredilen bilermenler toparynyň düzümine BSGG-niň merkezi edarasynyň we Ýewropa sebit edarasynyň hünärmenleri, Ermenistandan we Gazagystandan gelen halkara maslahatçylar, şeýle hem milli hünärmenler we ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri girýär. Şeýle hyzmatdaşlyk tehniki tejribe alyşmaga hem-de sanjymlaryň üpjünçilik zynjyryny dolandyrmak boýunça milli bilermenleriň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga ýardam edýär. Ýerlerde geçirilen saparlar tamamlanandan soň, bilermenler ýygnalan maglumatlary seljererler we olaryň dogrulygyny barlarlar, esasy netijeleri kesgitlärler hem-de BSGG, ÝUNISEF we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda degişli teklipleri işläp taýýarlarlar. Bu baha beriş işiniň netijesinde sanjymlaryň milli üpjünçilik zynjyryny dolandyrmagy, onuň monitoringini we gözegçiligini kämilleşdirmek üçin anyk maglumatlara esaslanýan binýadyň döredilmegine garaşylýar. Bu bolsa Türkmenistanda immunizasiýa maksatnamasynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer. BSGG-niň we ÝUNISEF-iň bilermenleri Türkmenistanda sanjym işini dolandyrmagyň netijeliligine baha berýärler Sanjymlary dolandyrmagyň netijeliligine baha bermek BSGG-niň we ÝUNISEF-iň bilelikdäki başlangyjy bolup, ol sanjymlaryň üpjünçilik zynjyrynyň netijeliligini öwrenmäge gönükdirilendir. Bu iş milli derejede dolandyryş we saklanyş şertlerinden başlap, sebit we etrap derejelerinde paýlanyşyna, şeýle hem saglygy goraýyş edaralarynda immunizasiýa hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişine çenli ähli tapgyrlary öz içine alýar. Baha beriş işiniň netijeleri işiň kämilleşdirilmeli ugurlaryny kesgitlemäge, milli sanjym maksatnamasynyň zerurlyklaryna laýyk gelýän çäreleri işläp taýýarlamaga, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda geçirilýän gyssagly sanjymlary goşmak bilen, goşmaça sanjym çärelerini netijeli guramaga mümkinçilik berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→