4–5-nji noýabrda Aşgabatda nebitgaz pudagynda metan zyňyndylaryny ýüze çykarmak we seljermek üçin hemra maglumatlaryny düşündirmek hem-de ulanmak boýunça iki günlük amaly okuw geçirildi. Çäräni Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýasynyň (IMEO) üsti bilen «Carbon Limits» kompaniýasy bilen bilelikde gurady. Okuw «Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň «ýaşyl» ösüşine berýän goldawy: 2024–2029-njy ýyllarda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hereketler we syýasy dialog» taslamasynyň ýardam bermegi bilen geçirildi. Bu taslama Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýär hem-de GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýär. Aşgabatda 35-den gowrak hünärmen metan syzmalaryny hemra arkaly ýüze çykarmak boýunça bilimlerini kämilleşdirdi Okuwa «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Energetika ministrliginiň hem-de Milli kosmos agentliginiň 35-den gowrak tehniki hünärmeni gatnaşdy. Okuw maksatnamasy üç esasy ugry öz içine aldy: MARS (UNEP/IMEO) ulgamy bilen işlemek: ýokary çözgütli hemra suratlary arkaly metan zyňyndylarynyň ýaýraýyş zolaklaryny (methane plumes) ýüze çykarmagyň, seljermegiň we olara dessin jogap bermegiň usullaryny öwrenmek. Hadysalaryň ileri tutulýan derejesini kesgitlemek: iň uly möçberdäki metan syzmalaryny ýüze çykarmak we olary dessin aradan aýyrmak üçin ähmiýetine görä tertipleşdirmek algoritmlerini özleşdirmek. Toplumlaýyn seljerme: nebitgaz infrastrukturasynyň desgalaryndaky zyňyndylaryň möçberini kesgitlemek üçin hemra maglumatlaryny ýerüsti ölçegleriň netijeleri bilen deňeşdirmek. Okuwa gatnaşyjylaryň biri bolan «Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmeniniň bellemegine görä, MARS ulgamyny we ýokary çözgütli hemra suratlary bilen işlemegiň algoritmlerini özleşdirmek ýagdaýy hakyky wagt tertibinde gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. «Bu bolsa syzma ýüze çykarylan pursadyndan başlap, ony desgalarda doly aradan aýyrýança geçýän wagty gönüden-göni gysgaldýar» — diýip, hünärmen belledi. Bu çäre Türkmenistanyň «Metan boýunça ählumumy borçnama» başlangyjynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça 2025–2026-njy ýyllar üçin Ýol kartasyna laýyklykda amala aşyryldy.