Haýal we ynamsyz ýöremek, agramyň azalmagy, şeýle hem huşuň, görüşiň we eşidişiň gowşamagy bedeniň garramagynyň alamatlary bolup durýar. Bu barada Russiýanyň Pirogow unuwersitetiniň Gerontologiýa ylmy-kliniki merkeziniň direktory, Russiýanyň Gerontologlar we geriatrlar assosiasiýasynyň prezidenti Olga Tkaçýewa gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Lukman şeýle alamatlar peýda bolan dessine hökman hünärmene ýüz tutmagy maslahat berdi. Onuň aýtmagyna görä, şeýle ýagdaýda hassahana bejergisi töwekgelçilik ýagdaýlaryny ýüze çykarmaga, irki döwürde keseli anyklamaga we wagtynda öňüni alşy hem-de bejergini geçirmäge mümkinçilik berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→