Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow 5-nji noýabrda Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlamentdäki orunbasary Akiko Ikuina tarapyndan kabul edildi. Türkmen diplomaty hanym Ikuinany täze wezipä bellenmegi bilen gutlady. Ol iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki saparlaryň işjeň alşylýandygyny belläp, dostlukly gatnaşyklary we dürli ulgamlarda, şol sanda bilelikdäki ykdysady taslamalary ilerletmekde ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam bermek islegini beýan etdi. Ýapon tarapy, öz gezeginde, hukugyň hökmürowanlygyna esaslanan erkin we açyk halkara tertibini saklamakda hem-de berkitmekde Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşdygyny nygtap, özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meýillerini mälim etdi. Akiko Ikuina tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan bilen eýýäm köpsanly iri göwrümli taslamalaryň durmuşa geçirilendigini belledi we özara bähbitli hyzmatdaşlygy serişdeleri gaýtadan işlemek hem-de galyndylar bilen işleşmek ulgamlaryna çenli giňeltmek islegini beýan etdi. Ýaponiýa Türkmenistana serişdeleri gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygy hödürledi Taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada ylalaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→