Nýu-Ýork haryt biržasynyň şahamçasy bolan «Comex» biržasynda 2026-njy ýylyň dekabrynda eltilmeli altynyň fýuçersiniň bahasy üstümizdäki ýylyň 22-nji oktýabryndan bäri ilkinji gezek üçlük unsiýa üçin 4100 dollardan geçdi. Bu barada söwda meýdançasynyň maglumatlaryna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. Moskwa wagty bilen sagat 03:30-de (Aşgabat wagty bilen 5:30) gymmatly metalyň bahasy üçlük unsiýa üçin 4104,4 dollary (+4,16%) düzdi. Russiýanyň «ЛОТ ЗОЛОТО» treýding kompaniýasynyň baş direktory Andreý Žirnyh öň russiýalylary süýşürintgileriniň 20-30 göterimini altyna we beýleki gymmatly metallara goýmaga çagyrdy. Hünärmeniň pikiriçe, 2026-njy ýylyň aýagyna çenli altynyň nyrhy üçlük unsiýa üçin 4 müňden 5 müň dollara çenli gymmatlap biler.