Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de kuwwatlylygy ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürýän täze toplumyň düýbüni tutuldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda düýbi tutulan bu desgalar ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde amala aşyrylýan netijeli işleriň möhüm bölegine öwrüldi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň gurluşygy «DOST gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetiriler. Umumy meýdany 122,500 inedördül metr bolan ýokary hilli pagta ýagyny öndürýän kärhana bir gije-gündizde 600 tonna çig mal kabul etmäge ukyply bolup, kabul edilen çig mallar ilkinji tapgyrda barlagdan geçirilip, çig mal ammarlarynda toplanar. Şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde täze, iri göwrümli azotly dökünlerini öndürýän toplumlaryň gurluşygy meýilleşdirilýär. Bu taslama «Gap Inşaat» kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Ammiak selitrasynyň önümçiligi Germaniýanyň, karbamidiňki bolsa Niderlandlaryň kompaniýasy tarapyndan gurlar. Zawodda önümçiligiň esasy çig maly tebigy gaz bolup, onuň deslapdan 1 ýylda 630 million kub möçberini hem-de suwuň 1 ýylda deslapdan 6 million kub metr möçberini sarp etmek göz öňünde tutulýar. Taslamanyň düýp mazmuny we önümçilik kuwwatyny ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitrasyny öndürmek ukyby düzýär. Düýbüni tutmak dabarasyndan soňra, döwlet Baştutany oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy. Daşoguz welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz şäheriniň Halkara howa menzilinden Aşgabat şäherine ugrady.