Hindistanyň paýtagtynda howanyň hili birdenkä ýaramazlaşdy. 3-nji noýabrda käbir etraplarda hapalanma indeksi 451 bellige ýetdi, bu saglyk üçin howplulygy aňladýar diýip, «The Times of India» neşiri habar berdi. Paýtagtyň aýratyn hem Rohini, Penjabi-Bagh we Bawana etraplarynda howa gaty hapalandy. Howanyň hapalanmagynyň esasy çeşmeleri hökmünde awtoulag we senagat zyňyndylary, gurluşyk tozany, şeýle-de goňşy ştatlarda oba hojalyk galyndylarynyň ýakylmagydyr. Ýagdaýy pes şemal we hapalaýjy maddalaryň dagamagyna päsgel berýän howa şertleri has-da ýitileşdirýär. Ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagy bilen baglylykda, häkimiýetler gyssagly çäreleriň maksatnamasynyň ikinji tapgyryny girizdiler. Ol ulaglara gözegçiligi, ýollaryň mehaniki arassalanmagyny, tozany basmak üçin suw sepilmegini we gurluşyk ýerleriniň goşmaça barlagyny öz içine alýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→