Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory Eiji Hosoini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Ýaponiýada aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi hem-de ýurtda iş alyp barmagyň «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi. Hormatly Prezident hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, işewüriň ýurda amala aşyrýan şu saparynyň dowamynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» (CIET 2026) atly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşjakdygyny aýtdy hem-de alyp barýan işlerinde we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky täze başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Bu strategik gatnaşyklar özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek tejribesine esaslanýar. Döwlet Baştutany ýurtlaryň arasyndaky ykdysady mümkinçilikleriň ulanylmagynda ýapon kompaniýalarynyň uly goşandynyň bardygyny nygtap, köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda taslamalary durmuşa geçirendiklerini, «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasy bilen nebitgaz we himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýtdy hem-de bu kompaniýanyň gatnaşmagynda Gyýanlyda ägirt uly gazhimiýa desgasynyň – polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berlendigini belledi. Hormatly Prezident ýurtda taslamalar amala aşyrylanda öňdebaryjy tejribäniň, ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagynyň, ýokary hil ölçegleriniň we ekologiýa talaplarynyň üpjün edilmeginiň möhüm şert bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.