Türkmenistan gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynda önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annammämmedow Aşgabatda geçirilýän «CIET-2026» halkara sergisiniň we maslahatynyň umumy mejlisinde çykyş edip aýtdy. Wise-premýeriň bellemegine görä, bu pudaklara giň gerimli maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi, olaryň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilmegi hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy milli ykdysadyýetiň depginli we sazlaşykly ösmegine ýardam berýär. Baýmyrat Annammämmedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň gurluşyk işlerini zerur serişdeler bilen üpjün edýändigini, ilata bolsa ekologiýa taýdan arassa önümleriň ýetirilýändigini belledi. 2025-nji ýylda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda ýylda 3,3 million inedördül metr bezeg plitkasyny we 120 müň sany sanitariýa-faýans önümlerini öndürmäge ukyply keramika zawody işe girizildi. Şeýle hem paýtagtyň demirgazyk böleginde gije-gündiziň dowamynda 100 tonna aýna önümlerini öndürýän kärhana açyldy. Baýmyrat Annammämmedowyň sözlerine görä, elektroenergetika pudagynda halka görnüşli energetika ulgamyny döretmek boýunça taslama durmuşa geçirilýär. Şunuň çäklerinde Mary – Ahal, Ahal – Balkan we Balkan – Daşoguz ugurlary boýunça ýokary woltly elektrik geçirijiler we kiçi beketler guruldy. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 MWt bolan bug-gaz elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi hem dowam etdirilýär. Balkan welaýatynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ony ýakyn wagtda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Wise-premýeriň habar bermegine görä, himiýa senagatynda 2025-nji ýylda Türkmenabatdaky S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň, şeýle hem Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen toplumyň gurluşygyna başlandy. Gyýanlydaky polimer zawodynyň düýpli abatlaýyş işleri alnyp barylýar. Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawody gurmak meýilleşdirilýär. Baýmyrat Annammämmedow ýol gurluşygy ulgamynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň we uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ulanmaga berlendigini hem belledi. «Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi» awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy – Garabogaz böleginiň gurluşygy dowam etdirilýär. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu işler ýurduň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga we logistika hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berer. «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara sergi we maslahat («CIET-2026») 3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýär. Forum 60 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi. Çäre Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→