Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtlardaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirligi tarapyndan Haçettepe uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän «KatipAta» atly halkara bilim maksatnamasy türki dünýäniň bilim hyzmatdaşlygynda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu maksatnamanyň maksady halkara akademiki bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmekden, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmekden we türki dünýäniň ýurtlarynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr. «KatipAta» maksatnamasy türki dünýäniň ýurtlarynyň döwlet işgärleriniň, diplomatlarynyň, mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň we akademiki jemgyýetçiligiň wekilleriniň türk dili boýunça bilimlerini we medeniýetara gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu maksatnama gatnaşyjylarynyň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň bolmagy hem aýratyn bellärliklidir. Bu maksatnama olara hünär bilimlerini kämilleşdirmäge, ylmy dünýägaraýşyny giňeltmegä, halkara gatnaşyklary we diplomatik işiniň häzirki zaman usullary bilen tanyşmaga ýakyndan ýardam eder. Maksatnamanyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar türk dili boýunça ýygjam okuw sapaklaryna gatnaşýarlar. Tejribeli mugallymlaryň we bilermenleriň leksiýalaryna hem-de degişli ugurlar boýunça seminarlaryna gatnaşmak bilen, olar Türkiýäniň taryhy, medeniýeti we jemgyýetçilik-syýasy durmuşy bilen ýakyndan tanyşýarlar. Şeýle hem maksatnamanyň çäklerinde döwlet edaralarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň we seljeriş guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklara, medeni we bilim çärelerine aýratyn orun berilýär. «KatipAta» maksatnamasy diňe bir bilim platformasy bolman, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň netijeli gurallarynyň biri bolup hem çykyş edýär.