Aşgabat şäherindäki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýaş mugallymlaryň konsert çykyşlarynyň tapgyry geçirilýär. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, şeýle konsert maksatnamalary her ýyl geçirilýän «Zehin joşguny» festiwalynyň çäklerinde guralýar. Festiwalyň esasy maksady ýaş mugallymlaryň döredijilik ussatlygyny has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr. Türkmen konserwatoriýasynda ýaş mugallymlaryň konsertleri geçirilýär Ýaş mugallymlar konsertlerde talyplaryň we köp ýyllyk iş tejribesi bolan kärdeşleriniň öňünde çykyş edýärler. Şeýle konsertleriň biri konserwatoriýanyň kiçi zalynda estrada sungaty kafedrasynyň talyplary üçin geçirildi. Oňa belli aýdymçy, liriki tenor sesiniň eýesi Begenç Moşyýew, «Ýörite fortepiano» kafedrasynyň uly mugallymy Enejan Nuryýewa hem-de «Estrada sungaty» kafedrasynyň mugallymy Leýla Seýdarowa gatnaşdylar. Türkmen konserwatoriýasynda ýaş mugallymlaryň konsertleri geçirilýär Begenç Moşyýewiň konsert maksatnamasy üç ugur boýunça düzüldi. Onda italýan nusgawy aýdymlary, rus halk aýdymlary we kompozitor Çary Nurymowyň eserleri ýerine ýetirildi. Diňleýjilere «O sole mio», «Karuzonyň hatyrasyna», «Ýyndam bedewiň aýdymy» we beýleki aýdymlar hödürlendi. Konsertmeýster hökmünde Aýsoltan Baýramowa çykyş etdi. Enejan Nuryýewa konsertde Frederik Şopeniň noktýurnlaryny ýerine ýetirdi. Leýla Seýdarowa bolsa skripkada Öwezmyrat Gandymowyň «Oýlanma» eserini ýerine ýetirdi. Şeýle hem ol üçünji ýyl talyby Mähriban Baýramowa bilen bilelikde Dmitriý Şostakowiçiň «Wals» eserini ýerine ýetirdi. Olaryň çykyşyna Enejan Nuryýewa konsertmeýsterlik etdi. Konsertiň ähli çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar we «Berekella!» diýen seslenmeler bilen garşylandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→