Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmanlary türkmenistanly lukmanlar bilen tejribe alyşdylar. Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň umumy hirurgiýa kafedrasynyň dosenti, oňurga hirurgiýasy bölüminiň müdiri, spinal ortoped lukmany Denis Naumow Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig Maksimilian adyndaky uniwersitet klinikasynyň çaga urologiýasy bölüminiň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Ýewropa çaga urologiýasy assosiasiýasynyň (ESPU) agzasy Regina Johanna Franziska Stredele Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Greifswald uniwersitet klinikasynyň direktorynyň orunbasary, onkolog, doktor Stefan Kersting Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkezinde iş saparlarynda boldular. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen ýurduň dürli künjeginden ýüz tutan çagalar Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde lukmançylyk barlaglaryndan geçirilip, çaga newrologiýasy bölüminde ýatymlaýyn bejergi alýarlar. Şeýle-de olara Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde hem gatnawlaýyn dikeldiş bejergileri geçirilýär. 10 — 16-njy oktýabr aralygynda germaniýaly çaga urolog lukmany Regina Ýohanna Franziska Stredeleniň merkezimizde iş saparynda bolup, urologik kesellerden ejir çekýän çagalara çylşyrymly operasiýalary türkmenistanly lukmanlar bilen bilelikde üstünlikli geçirdi, sagalmaklary üçin maslahatlaryny berdi. Germaniýaly lukman Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny, lukmançylyk edaralarynyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigini belledi. Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, şol sanda onuň çaga newrologiýa bölümindäki çagalaryň irki ösüşini, saglyk ýagdaýyny barlamak we bar bolan keselleri anyklamak hem-de degişli bejergileri kesgitlemek üçin niýetlenen enjamlar dünýäde iň döwrebaplarydyr. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna ortopediýa, ahilloplastika, miofassiotomiýa, kapsulomiotomiýa, artroplastika, tenotomiýa we siňir geçirmek boýunça operasiýalar geçirilýär.