Jodi diýen nanotirannusyň daşa dönen ystyhany (skeleti) Nýu-Ýorkdaky söwdalaşykda satyldy, oňa 47,3 million amerikan dollary tölendi diýip, «MIR 24» habar berdi. Auksionyň wekilleri tapyndynyň deslapky ýaşyny 67 million ýyl hasaplaýarlar, onuň jemleýji nyrhy 6-dan 9 million dollara deň bolar öýdülýärdi. Söwdalaşyk öýünde habar berişleri ýaly, ystyhany satyn alan müşderi adyny gizlin galdyrmak isläpdir. Söwdalaşyk netijesinde Jodiniň galyndylary dinozawrlaryň iň gymmat satylan ystyhanlarynyň sanawynda ikinji orny eýeledi. Bu ugurda birinji orun Gas diýen tirannozawra degişlidir, ol öň Nýu-Ýorkda 50,1 million dollara satylypdy.