«The Guardian» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» internet neşiriniň ýazmagyna görä, Italiýanyň Sardiniýa ülkesiniň çagalaryň hukuklary boýunça wekili Anna Kauluň ýolbaşçylygynda «Stol başynda ekransyz» atly başlangyja badalga berildi. Maksatnama meýletin gatnaşýan 15 sany restoranda ene-atalara we olaryň çagalaryna stol başynda el telefonyny ulanmak gadagan edildi. Maşgalalar el telefonlaryny restoranlaryň degişli bölümine tabşyranlaryndan soňra olara oýunlardan hem-de suratlardan ybarat bolan «birleşmek üçin ýygyndy» atly güýmenje teklip ediler. Tutumyň maksady 18 ýaşa çenli çagalara ene-atalary bilen gürrüňdeş bolmaga ýardam etmekdir. Ülkäniň Pediatrlar bileleşigi tarapyndan işleniň düzülen maksatnama laýyklykda, çagalar bu nahar başynda ene-atalaryna günüň dowamynda başdan geçiren wakalaryny gürrüň berip, özlerini biynjalyk edýän meseleleri maslahatlaşyp bilýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→