Täjigistanyň Nasyr Hysrawy adyndaky Bohtar döwlet uniwersitetinde «Täjikçe geýinýäris!» diýen respublikan çäre geçirildi. Bu barada unuwersitetiň habaryna salgylanýan «khovar.tj» agentligi ýazýar. Ady tutulan ýokary okuw mekdebiniň beýanatyna görä, täjik halkynyň özboluşly milli egin-eşikleri milli taryhyň gymmatly mirasynyň bir bölegidir. «Täjik zenanynyň asyrlarboýy halkyň mukaddes däp-dessurlarynyň goragçysy bolandygy taryhdan bellidir» diýlip, habarda nygtalýar. Nasyr Hysrawy adyndaky Bohtar uniwersitetinde geçirilen dabara talyp ýaşlarda watanperwerligi hem-de milli ruhy ösdürmek, halkyň däp-dessurlaryna hormat goýmak, gyzlaryň gözellik duýgusyny ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy.