ABŞ-nyň kosmos barlaglary boýunça NASA edarasy «Artemida-4» maksatnamasynyň çäklerinde 2028-nji ýylda Aýda astronawtlary gondurmagy meýilleşdirýär diýip, «news.by» habar berdi. Edaranyň ýolbaşçysy Jared Aýzekman žurnalistler bilen metbugat maslahatynda bu barada: «Biz amerikalylaryň Aýa 2028-nji ýylda dolanyp barmagy üçin ähli şertleri döredýäris» diýdi. «Artemida» maksatnamasynyň çäklerinde bu ugurdaky taýýarlyk işleri Ilon Maskyň «SpaceX» we Jeff Bezosyň «Blue Origin» kompaniýalary bilen bilelikde alnyp barylýar. NASA edarasynyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, hemişelik baza gurmak üçin Aýyň günorta polýusy göz öňünde tutulýar.