«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri 2026-njy ýylyň başyndan bäri hereket edýän guýulardan meýilnamada bellenilen 367,1 müň tonna derek 402,1 müň tonnadan gowrak «gara altyn» çykarmagyň hötdesinden geldiler. Hazar deňziniň kenaryndaky Çeleken ýarym adasyndaky baýlyklar känlerinde iş alyp barýan müdirligiň hünärmenleri göz öňünde tutulan meýilnamany 109,5 göterim ýerine ýetirdiler. Kärhananyň «gara altyn» ussatlary şu günler burawlaýjylardan kabul edip alnan täze nebitli guýularyň ikisini senagat taýdan özleşdirmek işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→