Gyrgyzystanda öň hereket edýän oblastlarydyr raýonlary ýatyryp, olaryň ýerine 20 aýmak (okrug) döretmekçi bolýarlar. Bu Ýerli öz-özüňi dolandyryş işleri boýunça döwlet agentliginiň direktory Elçibek Žantaýewiň sözlerine görä, dolandyryş-çäk özgertmeleriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde geçirilýär. Žantaýewe salgylanýan «Kabar.kg» agentligi indi ýurtda etraplaryň welaýatlardan köp boljakdygyny ýazýar. Ýagny Gyrgyzystanda 20-den gowrak aýmak dörediler. Dolandyryş-çäk özgertmesi Gyrgyzystanda 2023-nji ýylda badalga aldy, onuň birinji tapgyrynda käbir etraplaryň serhetleri üýtgedildi, ilatly ýerleriň birgideni şäherleriň düzümine girizildi. Häzirki wagtda Respublikada 40-dan gowrak etrap, 7 welaýat we 33 şäher bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→