13-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan «Maliýe» dersi boýunça III Açyk halkara olimpiada onlaýn görnüşde geçiriler. Oňa Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşmaga çagyrylýar. Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler we oňa her ýokary okuw mekdebinden dört talypdan köp bolmadyk topar gatnaşyp biler. Ýeňijiler gazanan ballarynyň netijeleri boýunça kesgitlener. Internet olimpiadasyna gatnaşmak isleýänler 10-njy noýabra çenli gatnaşyjylar baradaky maglumatlary bellenilen nusga laýyklykda guramaçylyk toparynyň tsiem.olymp@gmail.com we tsiem.muhanow@gmail.com elektron poçta salgylaryna ibermelidirler. Olimpiada gatnaşmagyň şertleri barada giňişleýin maglumat institutyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. 27-nji noýabrda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ekologiýa boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Olimpiada ýokary okuw mekdebinde okaýan hünärine we okuw ýylyna garamazdan, ähli talyplar gatnaşyp bilerler. Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Gatnaşyjylara ilat ekologiýasy we biosfera; adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologik meseleleri; senagat ekologiýasy; ekologik gözegçilik; ekologik kanunçylyk we halkara guramalar ýaly tematik ugurlar boýunça ýumuşlar hödürlener. Olimpiadanyň iş dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir. Gatnaşyjylary hasaba almak işi 24-nji noýabra çenli ýokary okuw mekdebiniň saýtyndaky «Halkara olimpiadalar» bölüminde dowam eder. Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→