«Arkadagyň ruhy metjidi» dini guramasynyň başlygy, baş ymam Ýalkap Hojagulyýew Pakistana saparynyň çäklerinde Yslamabat şäherinde ýurduň dini we bilim edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär. Türkmenistanyň wekiliýeti Yslamabatda Feýsal metjidine we Halkara Yslam uniwersitetine baryp gördi Duşuşyklar saparyň ikinji güni — 27-nji oktýabrda geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetini Halkara Yslam uniwersitetiniň prezidenti, professor Ahmed Sad Alahmed, bu uniwersitetiň Dawa akademiýasynyň baş direktory, Faýsal metjidiniň baş ymamy we hatyby, professor Muhammet Ylýas, şeýle hem Pakistanyň Bilim we hünär taýýarlygy ministrliginiň Dini bilim müdirliginiň baş direktory Gulam Kamar kabul etdi. Duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň arasynda dini bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar tejribe alyşmak, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek we ýokary hünärli dini işgärleri taýýarlamak ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň wekiliýeti Yslamabatda Feýsal metjidine we Halkara Yslam uniwersitetine baryp gördi Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara Yslam uniwersitetiniň merkezi dolandyryş binasyna we Faýsal metjidine baryp gördi. Mundan başga-da, türkmen wekilleri döwletiň garamagynda bolmadyk «Muhammediýe» medresesine aýlanyp gördüler. Wekiliýet metjidiň we medresäniň taryhy hem-de dini-jemgyýetçilik ähmiýeti, okuw-terbiýeçilik işiniň guralyşy we yslam hukugynyň öwredilişi bilen tanyşdy. Türkmenistanyň wekiliýeti Yslamabatda Feýsal metjidine we Halkara Yslam uniwersitetine baryp gördi Ilçihananyň berýän maglumatyna görä, bu sapar Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda dini bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge esas döreder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→