Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap alma, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilýän meýdanlarda mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Welaýatlarda azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnap almak işleri dowam edip, Mary welaýatynda gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar we häzirki wagtda hasyly ýygnap almaga taýýarlyk görülýär. Şeýle hem welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişini, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bu ugurdaky işleriň depginlerini güýçlendirmek, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Içerki bazarlary üpjün etmek üçin welaýatlarda ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini talabalaýyk ýygnap almagyň, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga gowy taýýarlyk görmegiň, welaýatlarda bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.