22-23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wolsahadowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Wena şäherinde saparda boldy. Saparyň maksady Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenmekden ybarat boldy diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Saparyň çäklerinde wekiliýet Wena oba hojalyk önümleri biržasynyň prezidenti Ernst Gaus we biržanyň sekretary Karl Şnaýder bilen duşuşyklary geçirdi. Şeýle hem Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň (WKÖ) Günorta-Gündogar Ýewropa we Gündogar Ýewropa/Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory, sebit dolandyryşynyň ýolbaşçysy Dražen Maloçeý bilen aýratyn duşuşyk geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, birža söwdasyny ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň söwdasyny giňeltmek hem-de Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri öwrenmek meselelerine esasy üns berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→