Türkmenistanyň ýygyndysy Azerbaýjanda geçirilýän FIFA-nyň festiwalynda iki gezek ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň ýetginjek futbolçylary (15 ýaşa çenli) Bakuda ilkinji gezek geçirilýän dünýä çempionatynda we FIFA-nyň U15 festiwalynda Gonkongyň (2:1) hem-de Kuk adalarynyň (3:1) ýygyndylaryndan üstün çykdylar. Türkmen futbolçylary L toparçada Italiýanyň we Kataryň ýygyndylary bilen hem duşuşyp, degişlilikde 1:5 we 0:4 hasaplar bilen ýeňildiler. Dört oýundan soň Türkmenistan 6 utuk toplap, üçünji orunda barýar. Toparyň iň netijeli hüjümçisi Artýom Çernow üç gol geçirdi. Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow bolsa hersi bir goluň awtory boldy. Azerbaýjanda geçirilýän FIFA-nyň festiwalynda Türkmenistanyň ýygyndysy iki gezek ýeňiş gazandy Türkmen futbolçylary deslapky tapgyryň soňky duşuşygyny 26-njy oktýabrda Beniniň ýygyndysyna garşy geçirýärler. Azerbaýjana 14 futbolçy ugradyldy. Topara baş tälimçi Aziz Kambarow ýolbaşçylyk edýär, oňa Dawid Sarkisow kömek berýär. Ýygyndynyň kapitany Şamyrat Namraýew. Bäsleşigiň oýunlary kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde geçirilýär. Toparlar hersi 20 minut dowam edýän iki taýmda oýnaýarlar. Deslapky oýunlaryň birinji tapgyrynda ähli ýygyndylar toparçalara bölünýär. Soňra toparçalarda eýelän orunlaryna görä, olar pleý-off tapgyrynyň degişli ugruna düşýärler: öz toparçasynyň ýeňijisi beýleki toparçalaryň ýeňijileri bilen bir diwizionda çykyş edýär. Ondan soň toparlar jübütlere bölünýär. Ýeňiji indiki tapgyra çykýar, ýeňlen topar bolsa beýleki jübütde ýeňlişe sezewar bolan topar bilen duşuşýar. Her bir ýygyndy ýaryşyň dowamynda jemi 10 oýun geçirer.