Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ABŞ-dan gelen alym Daniel Waýs bilen duşuşyk geçirildi. Ol muzeýleriň we ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri üçin gymmatlyklary sanly görnüşe geçirmek hem-de resminamalaşdyrmak usullary boýunça hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçirmek maksady bilen Türkmenistana geldi. Bu barada muzeýiň resmi saýtynda habar berilýär. Amerikaly alym Türkmenistanyň muzeý hünärmenleri üçin gymmatlyklary sanly görnüşe geçirmek boýunça okuw geçirýär Duşuşygyň dowamynda Daniel Waýs «Maglumat we sanlylaşdyrma» atly tanyşdyryş çykyşyny etdi. Ol çykyşynda muzeý gymmatlyklaryny sanly görnüşe geçirmegiň ähmiýetini öz tejribesinden alnan mysal arkaly düşündirdi. Amerikaly alym Türkmenistanyň muzeý hünärmenleri üçin gymmatlyklary sanly görnüşe geçirmek boýunça okuw geçirýär Duşuşykdan öň amerikaly hünärmen muzeýde saklanylýan taryhy we arheologik eksponatlar bilen tanyşdy. Ol muzeýde görkezilýän arheologik tapyndylaryň örän gyzyklydygyny we ylmy taýdan uly ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle hem ekspozisiýalarda kartalaryň, suratlaryň we maglumatlaryň ýerlikli hem-de hünär derejesinde ulanylýandygyny, munuň bolsa serginiň ylmy gymmatyny ýokarlandyrýandygyny nygtady. Amerikaly alym Türkmenistanyň muzeý hünärmenleri üçin gymmatlyklary sanly görnüşe geçirmek boýunça okuw geçirýär Daniel Waýs ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän Fulbraýt grant maksatnamasynyň goldawy bilen Türkmenistana geldi. Saparynyň çäklerinde ol Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerine hem baryp görer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→