Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanda 15 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda geçirilýän FIFA-nyň dünýä çempionatynda we festiwalynda deslapky tapgyryň bäşinji oýnunda Beniniň ýygyndysyndan asgyn geldi. FIFA-nyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, Gowsan şäherinde geçirilen duşuşyk 4:1 hasabynda tamamlandy. Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy deslapky tapgyrda geçiren bäş oýnunyň ikisinde ýeňiş gazandy. Aziz Kambarowyň tälim berýän topary ozal Gonkongyň (2:1) we Kuk adalarynyň (3:1) ýygyndylaryndan üstün çykdy. Emma Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) ýygyndylaryndan ýeňildi. Ýaryşyň ikinji tapgyrynda toparlar pleý-off görnüşinde çykyş ederler. Ýeňlişe sezewar bolan ýygyndylar ýaryşdan çykarylman, özleri ýaly ýeňlen toparlara garşy göreşlerini dowam etdirerler. Alty derejäniň her birinde ýeňiş gazanan topar öz diwizionynyň ýeňijisi bolar. Ýaryşyň çempiony bolsa A derejesinde iň gowy netije görkezen topar bolar. Ýaryş 31-nji oktýabrda tamamlanar. Duşuşyklar «8×8» görnüşinde geçirilýär we her biri 20 minutdan ybarat iki taýmdan durýar. 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň ýygyndysy Kanada bilen duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 11:15-de başlanar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→