Bolgariýada Prezidentiň we Prezidentiň orunbasarynyň saýlawlarynda öňdeligi Iliýana Ýotowa hem-de Kiril Walçew eýeleýärler, olar sesleriň 34,69 göterimini gazandylar. Bu barada saýlaw býulletenleriniň 99 göterimi sanalandan soňra ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Ikinji orna sesleriň 31,98 göterimini gazanan jübütler – Andreý Gýurow bilen Georgi Kandew çykdy. Saýlawlara gatnaşygyň 50 göterimden az bolmagy ikinji tapgyryň geçirilmegini şertlendirýär, 1-nji noýabrda geçjek ikinji tapgyrda Ýotowa-Walçew hem-de Gýurow-Kandew basleşerler. Ýotowa Bolgar sosialistik partiýadan, Gýurow partiýada däl, ýöne ony merkezçi «Özgerişlikleri dowam edýäris» hem-de «Demokratik Bolgariýa» partiýalary goldaýar. Bolgariýada Prezident saýlawlary öňki döwlet Baştutany Rumen Radowyň ýanwarda parlament saýlawlaryna gatnaşmak üçin möhletinden öň wezipäni goýmagy bilen baglylykda geçirilýär. Radew häzir ýurduň Premýer-ministridir. Ol işden çekilenden bäri Ýotowa Bolgariýanyň wagtlaýyn Prezidenti wezipesini eýeleýär.