Ak tam Wengriýanyň öňki Hökümet başlygy Wiktor Orbany Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine dalaş etmäge çagyrýar. Bu barada «The Wall Street Journal» gazetine salgylanýan «INTERFAX.RU» ýazýar. Gazetiň maglumatlaryna görä, Waşington şeýle-de Orbanyň kandidaturasyny Russiýa bilen Hytaý hem goldarlar diýip garaşýar. Häzirki wagtda BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesi üçin ýedi dalaşgär göreşýär. Häzirki Baş sekretar, portugaliýaly Antoniu Guterrişiň wezipe ygtyýarlylyklarynyň möhleti 2026-njy ýylyň ahyrynda dolýar.