Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli, şahyryň döredijiligini wagyz etmek maksady bilen hem-de ýazyjynyň «Şükür bagşy» eseri esasynda düşürilen adybir filminiň baş gahrymanynyň keşbini janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýew barada «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, ylmy işgärleri, uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary tarapyndan Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powesti esasynda goýlan edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da, Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy, onuň eserleriniň golýazmalary hakynda çykyşlar bolup, «Şükür bagşy» eseri esasynda düşürilen adybir filminiň baş gahrymanynyň keşbini janlandyran Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde köp ýyllaryň dowamynda mugallymçylyk wezipesinde işlän, tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligi hatyralanyp ýatlanylyp geçildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary tarapyndan «Gün hakynda ballada» ady bilen çeper okaýyş görkezildi. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçysy tarapyndan «Şükür bagşy» filminden ajaýyp mukam ýerine ýetirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→