Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Suraý Baýryýewa Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Tohoku uniwersitetinde talyplary alyşmak maksatnamasy boýunça bir ýyllyk okuw geçýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, türkmenistanly talyp gyz Tohoku uniwersitetiniň ýokary bilimiň ähli derejelerinde inženerçilik ulgamynda hünärmenleri taýýarlaýan düzüm bölegi bolan Inženerçilik mekdebinde (School of Engineering) okaýar. Uniwersitetiň öňdebaryjy professorlarynyň we alymlarynyň ýolbaşçylygynda okuw döwründe Suraý öz hünär ugruna degişli dersler boýunça diňe bir nazary bilimlerini çuňlaşdyrman, eýsem, öz hünäri boýunça ylmy-barlag taslamalaryna hem gatnaşar. Maksatnamanyň amaly bölegine gatnaşmak türkmen talybyna uniwersitetde alan bilimlerini halkara ylmy giňişlikde ulanmaga, öňdebaryjy barlag usullary bilen tanyşmaga, şeýle hem inženerçilik, biotehnologiýa we ekologiýa ulgamlaryndaky häzirki zaman çemeleşmeleri özleşdirmäge mümkinçilik berer.