Aşgabatda Halkara lukmançylyk-sanitariýa kadalary (HLSK) boýunça okuw we bilelikdäki daşarky baha beriş (BDBB) işine bagyşlanan tanyşdyryş okuw seminary geçirildi. Çäreler 20–23-nji oktýabr aralygynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde guraldy. Okuwlara saglygy goraýyş ulgamynyň, şeýle hem degişli beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäreler BSGG-niň Ýewropadaky sebitleýin edarasy we BSGG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan «Bitewi saglyk» çemeleşmesine esaslanýan «Merkezi Aziýada pandemiýalaryň öňüni almak, olara taýýarlyk görmek we garşy göreşmek» atly Pandemiýa gaznasynyň köppudaklaýyn taslamasynyň çäklerinde guraldy. 2005-nji ýylda kabul edilen Halkara lukmançylyk-sanitariýa kadalary keselleriň halkara derejesinde ýaýramagynyň öňüni almaga, olaryň ýaýramagyndan goramaga we ýüze çykýan töwekgelçiliklere laýyklykda jemgyýetçilik saglygy goraýyş babatda zerur çäreleri görmäge gönükdirilen halkara hukuk mehanizmidir. Bu kadalaryň netijeli ýerine ýetirilmegi pudagara hyzmatdaşlygy, maglumatlaryň öz wagtynda alşylmagyny, şeýle hem ilatyň saglygyna abanýan howplary ýüze çykarmak, olara baha bermek we aradan aýyrmak üçin zerur mümkinçilikleriň bolmagyny talap edýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanda Halkara lukmançylyk-sanitariýa kadalary we bilelikdäki daşarky baha beriş boýunça okuw geçirdi Okuwyň dowamynda Halkara lukmançylyk-sanitariýa kadalarynyň esasy düzgünlerine, şol sanda 2024-nji ýylda kabul edilen üýtgetmelere, Halkara lukmançylyk-sanitariýa kadalary boýunça milli utgaşdyryjynyň we milli ygtyýarly edaranyň wezipelerine, hadysalary ýüze çykarmak we töwekgelçiliklere baha bermek meselelerine, maglumatlary alyşmagyň mehanizmlerine, şeýle hem kadalarda göz öňünde tutulan esasy mümkinçiliklere, şol sanda döwlet serhedinden geçilýän nokatlarda olaryň gözegçiligine we bahalandyrylmagyna garaldy. Seminaryň möhüm bölegi gatnaşyjylary bilelikdäki daşarky baha beriş (BDBB) işi bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Bu ýurtlara jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamyna abanýan howplaryň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we gyssagly çäre görmek babatdaky mümkinçiliklerine baha bermäge şert döredýän meýletin, bilelikdäki we köppudakly mehanizmdir. Seminaryň esasy maksady milli derejede bilelikdäki daşarky baha beriş işine düşünjäni çuňlaşdyrmak we Türkmenistanyň Halkara lukmançylyk-sanitariýa kadalarynyň ýerine ýetirilişine nobatdaky baha berişe taýýarlyk görmeklige ýardam bermekden ybarat boldy.Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda gatnaşyjylar öz-özüň ebaha beriş işiniň indiki tapgyrlaryna, jogapkärçilikleriň paýlanylyşyna we geçiriljek möhletlerine, şeýle hem bu işiň Saglygy goraýyş ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Milli hereketler meýilnamasy bilen arabaglanyşygyna garadylar. Bu bolsa sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň meýilnamalaşdyrylyşyny milli saglygy goraýyş ulgamynyň has giň gerimli ileri tutulýan ugurlary bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→