24-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň sazlaşygyndan binýat bolan Arkadag şäherine bardy. Gahryman Arkadag bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurluşygy dowam edýän desgalaryň şekil taslamalary hem-de binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň we beýleki binalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan gurluşyk işleri we taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi. Bu ýerde görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda 30 müň orunlyk «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň çäklerinde guruljak desgalaryň görnüşleri, täze şäheriň seýilgähiniň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän dürli şekiller we Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedew heýkelleriniň görnüşleri we ýol-ulag düzümine degişli taslamalar bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri taslamalar bilen tanşyp, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil aýratynlyklaryna birnäçe belliklerini aýtdy we bu ugurda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→