Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynyň depginleri bu işleriň häzirki döwürde ýeten derejesiniň görkezijileri barada giňişleýin maglumat berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäklerinde gurulýan binalaryň we desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamalarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, bu işlere taslamaçylaryň, gurluşykçylaryň we şäher ýolbaşçylarynyň örän jogapkärli çemeleşmekleriniň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa, ilki bilen, döwlet Baştutanynyň çözgüdine laýyklykda, bag nahallaryny we dürli gülleri ekmek boýunça tejribe alyşmak maksady bilen Niderlandlar Patyşalygyna sapar bilen gitmäge döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleri, bag nahallarynyň ekiljek ýerleriniň çyzgylary, şol bir wagtyň özünde ýurtda giňden bellenilýän Hasyl toýuna taýýarlyk işleriniň derejesi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri açylanyndan bäri bu ýerde jemi 50 müň düýp bag ekildi. Şu ýylyň ýazky möwsüminde 5 müň düýp bagyň ekilendigini aýdyp, häkim güýzki möwsümde-de 5 müň düýp bag ekmegiň meýilleşdirilendigi barada habar berdi. Gahryman Arkadag Niderlandlar Patyşalygynyň dürli görnüşli baglary we gülleri ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplan ýurt hökmünde ykrar edilendigini belläp, saparyň barşynda Arkadag şäherinde toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bag nahallaryny we dürli reňkdäki gülleri ekmek boýunça gepleşikleriň geçirilmelidigini aýtdy we toplanan tejribäniň Aşgabat, Arkadag şäherlerinde utgaşykly alnyp barylmagynyň zerurdygyny belläp, bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belläp, iş maslahatyny jemledi.