Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. «Özygtyýarly ösüş esasynda Gazagystan döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly gazandy» diýlip, Gutlag hatynda bellenilýär. Döwlet Baştutany: «Türkmenistanda Gazagystan Respublikasy bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini» belläp, bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de gyşarnyksyz berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi. Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.