Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisiniň dowamynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalaryny we hususy itşynaslary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi — yzarlaýjy itleriň gözükdirijisi B.Halwatjanowa we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi P.Bäşimowa «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanynyň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidentiniň çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. Milli itşynaslar halkara assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu guramanyň işine hemmetaraplaýyn goşant goşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyna täze kabul edilen daşary ýurtly wekiller sanly ulgam arkaly çykyşlarynda türkmeniň ahalteke atlaryny we alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin Türkmenistanda döredilen döwrebap infrastrukturalaryň dünýä nusgalykdygyny aýratyn nygtadylar. Olar milli medeniýete dünýä derejesinde belent sarpa goýulýan ýurtda döredilen halkara assosiasiýa agza bolmagyň özleri üçin belent mertebedigini aýdyp, tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→