Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabryndan 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji dünýä çempionatyna gatnaşar. Ýaryşa gatnaşjak türgenleriň sanawyna 10 türgen girizildi. Milli ýygyndynyň düzümi. Zenanlar: Anamjan Rustamowa (86 kilograma çenli) Gülälek Kakamy­radowa (77 kilograma çenli) Medine Amanowa (69 kilograma çenli) Şabnam Kerimbaýewa (57 kilograma çenli) Ogulşat Amanowa (53 kilograma çenli) Erkekler: Şahzadbek Mätýakubow (110 kilograma çenli) Rüstem Annaberdiýew (95 kilograma çenli) Gaýgysyz Töräýew (85 kilograma çenli) Didarbek Jumabaýew (75 kilograma çenli) Bektimur Reýimow (75 kilograma çenli) Ninbo şäherinde geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty agram derejeleriniň ulgamyna girizilen üýtgetmelerden soň geçirilýän ilkinji dünýä çempionaty bolar. Ýaryşda erkekleriň we zenanlaryň arasynda sekiz agram derejesi boýunça jemi 16 toplum medal ugrunda göreşiler. Bu ýaryş 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşy bolup hyzmat eder. Hytaý agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny ikinji gezek kabul edýär. Hytaý bu ýaryşy ilkinji gezek 1995-nji ýylda geçiripdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→