Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Serbiýanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekillerine portlandsement, pagta ýagy, bugdaý uny, buýan köküniň glisirrizin turşulygy, şeýle hem nah ýüplük we mata ýerlenildi. Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 27 million 215 müň manada deň bolan pagta soapstogynyň çig ýagly turşulyklaryny we bugdaý ununy satyn aldylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→