Hytaýyň Şençžen şäherinde geçen Suw ykdysadyýeti sergisinde syýahatçylar üçin suwasty enjam (batiskaf) bilen tanyşdyrdylar diýip, «iz.ru» ýazýar. Batiskaf 200 metre çenli çuňluga çümmäge ukyplydyr. Aýnaly gurnamadan ybarat enjam suwasty dünýäni synlamaga mümkinçilik berýär. Uzynlygy 3,7 metr, agramy 5 tonna töweregi bolan enjam eýýäm işewürlik maksatlary üçin ulanylyp başlandy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→